Surat

Boşluk topy

Boşlugyňa düýbi garalyp ýatan,
aň-üşükden haksyz bolup galanňa,
kaşlygyňa üstesine özüňe,
özgelere gürrüňsüz,
seretmek hem guwanmak üçin soňsuz
gözi gorkuzulan kgb bilen,
terrora öýlenen, durmuşa çykan
hemem ýaşan ýüz otuz ýyl azyndan,
adamlara han ýa hökümdar bolmak
gerek däl asla,
telefonyň bolsa soňkurak çykan,
hem internet el astyňda,
suratyňy almaly kän öňüňden,
gapdalyňdan san-sajaksyz, soňundan
’paýlaşmaly’ özüň ýaly boş bilen,
boluşyňdan başga görünjek bolup,
ýaryşmaly hassalykda,
hemem begenmeli öňe saýlansaň;
boşlugyňa düýbi garalyp ýatan
guwanyp ýa begenip,
ýaşamak üçin ’gowy’
diňe kanunlaşan ogry ýa ganhor
bolmak hökman däl,
dogrulygyň kastynda,
telefonyň bolsa ýeterlik diňe,
hem internet el astyňda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024