Surat

Iň beýik hata

Ene ýaly, dokuz aý
göwresinde göterýän,
a soň bir gün dogurýan,
mähir berýän çagasyna,
ajyganda emdirýän,
aşagyny argylaýan,
suwa düşürýän, ýuwýan,
a daşarda uruş-gowga,
ha ýakynda, hala daşda,
men-men diýen ärleri
ýaralaýan, öldürýän,
ýa darkaşy mal-dünýäň,
ok-ýaragsyz, kagyzda,
hasaplarda has akylly,
öwrümlerde emelli,
aýlawlarda at ýaly,
söze münüp çapmaly,
emma hemme enäni däl,
az sanlysyn güldürýän,
baý, mes edýän müňlerçäni,
ýüz milýony ollmez-gülmez,
garyp edýän ýüz ýyllap,
soňy gelmeýän gowga,
adamzadyň gelen ýeri,
gaýdan ýeri, belki-de,
emmaki sen ene ýaly,
çagasyna mähir berýän,
gahar bermeýän asla,
başga zady bolmasa,
bir naýynjar ýylgyrýan,
hem ýüregin tutup ölýän;
ata ýaly gaý-tupanda
deňze çykýan her günde,
balyk tutýan başyn etegne salyp,
hem öýüne getirýän,
sebäbi atalyk şu -
aýalyňy aç etme,
aç etme çagalaryň,
el serdirme hiç kimsä,
öz işiň et, etjek bol,
pese düşme, kim näme
diýsin ýa-da ýaýratsyn,
ene ýaly, halal ene,
ata ýaly, halal ata,
seni dünýä getiren,
bakma gepe, gybata,
ýok hatasyz ýaşaýyş,
hemem hata etmezlik,
belki, iň uly hata!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024