Surat

Ajy hakykat

At least 65 media workers killed doing their jobs in 2017: Reporters Without Borders

Hökümeti tankyt etme,
tankyt etme döwleti,
ilini çökeren dyza,
tans etdirýän gyz-gelnine,
ýa aksakgal ýaşula,
enelere ak gyňaçly,
çagalara gulçulygyň
aýdymyny aýtdyran
diktatory tankyt etme,
eger adyň ýylahyrda
öldürilen ýa taşlanan zyndana,
ýa-da ýiten žurnalistleň
sanawyna girmese,
aman galsaň bagtyň çüwüp,
ýat illerde goltugyňdan
göterseler, galdyrsalar,
goýsalar adam ýerinde,
ýaralarňy sarap, daňyp,
hökümet dymar agyr,
emma dymmaz bahyllar,
kärdeşleriň öňki, soňky,
lakama bukulyp ýazar,
salarlar arkaňdan daşy,
’dönük’ diýip, diýip ’haýyn’,
şondan ölmän galanmyşyň,
’harammyşyn’ iýen aşyň,
eý, alla, kim muny diýýän,
bilmersiň,
ýa bilersiň, iň messepsiz kärdeşiň,
emma ölseň hakykata
gulluk edip, ynanyp,
çagaňa bir döwüm çörek,
ýa suw berjek tapylmaz,
belki, basalajak tapylar adyň,
mertebäňi, göýä bolmadyk ýaly;
hökümeti tankyt etme,
tankyt etme döwleti,
ilini çökeren dyza,
(çökýän bolsa, ilmi ol?)
eger adyň öldürilen,
ýa zyndana taşlanan,
ýa-da ýiten žurnalistleň
arasynda gelmese,
gerek dälsiň milletiňe
arman bilen ölmeseň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024