Surat

Umumy zerurlyk

Umumy zerurlyk, belki,
hakykatçy bolmagy däl hemmäniň,
aýtmagy däl hakykaty ýüz görmän,
mysal üçin, ogry bolsa başbakan,
ogry diýip daşyndan,
ýa ýalançy bolsa ýalançy diýip,
eşitdirip eşitjege, biljege;
umumy zerurlyk, belki,
batyrlyk däl uçdantutma,
meger iki, ýeke ýa üç
dogrusyny aýdany,
aýtjak bolany ýa-da,
bogulanda goramak,
ýykylanda galdyrmak,
ýeňsesinden depilip;
umumy zerurlyk, belki,
şu gün bilen ýaşamak däl ýaýaplap,
emedekläp başbakanyň öňünde,
ogurlyga ökde diýip,
birazajyk bakjak bolmak geljege!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024