Surat

Mejbur bolsaň

Mejbur bolsaň bendilikde,
hapa-harsyň içinde,
aç hem suwsuz, gara günde
ýaşap bolar, elbetde,
il-gün bilen gelende,
belki, ‘toý-da-baýram’ diýip,
ogurladyp gözel ömrüň,
soňky döwüm nanyň bilen,
ýa ýuwunjak sabynyňy,
türme sakçysyna doýmaz,
gözüňde gorky görnetin,
ýüregiňde has-da beter,
ýaşap bolar zyndanda,
içjek suwuňy diläp,
iýjek nanyňy diläp,
öwüp bolar üstesine,
ýazyp bolar goşgy-gazal,
waspyn edip türmäniň,
aman galmak umydynda,
aýdym aýdyp bolar, belki,
alkyş aýdyp baş türmeçä,
emma ony söýüp bolmaz,
aşyk bolup bolmaz türmä,
göýäki bir gözel gyz,
göz-gaşyna çeken sürme,
eger şuňa gelen bolsaň,
bagtly bolsaň egileňde,
başyň egip baş türmeçä,
taýyn bolup aýakgabyn öpmäge,
ýa-da ynanasyň gelse
bagtlydygňa şu ýagdaýda,
gara günüň özüňden gör,
başga kişiden görme!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024