Türme we hakykat
"Biz özümize ýamanlyk edenleri, öz öňümizde günäkär bolanlary däl, öňünde günäkär bolanlarymyzy bagyşlamaýarys." F.Dostoýewskiý
Türme milletine, ýüz ýyl ýa-da kän,
türme diwaryna bukulyp ýaşan,
türme çaýyn içen uzak,
türme nanyn iýen uzak,
ogurlap ýa dogrulap,
göreni hem gorkany
türme sakçysy diňe,
hemem şonsuz ýaşap bolar diýmeýän,
türmeden çyk diýme başyňa bela,
ýa-da otly tagany
islemeseň galstuk dek dakynmak,
ýaşa diýme kanunlara ýazylan,
ýa ýazylman hiç haçan,
aýakgabyn süpürýäne
harpy bilen kanunlaryň,
bagyşlamazlar çünki,
geçirmezler ýazygyňy,
günäň üçin däl, elbetde,
günäleri üçin, belki,
türme milletine ’seňki däl’ diýme,
sebäbi ’däl’ - diýer -’seňki!’
Türme milletine, ýüz ýyl ýa-da kän,
türme diwaryna bukulyp ýaşan,
türme suwun içen uzak,
türme taýagyna öwrenen, belki,
haku ýa nähak,
öwren ýa-da öwret diýme çagaňa
göni garap bilmegi
taýaklynyň gözüne,
bes et diýme ýylgyrmagy ýalandan,
ýa para bermegi dem almak üçin,
on bäş minut kameradan daşarda,
türme milletine azatlyk sözün,
eger-alla, ýaşlyk edip,
aýdyjy bolma, başarsaň,
aýtmazlygy endik edin.