Pida we şöhratparaz
Birleri göreşer, durar
garşysynda sütemiň,
pidasy bor haksyzlygyň,
türmede hem daşynda,
emma başga birleri,
parhy bolmaz barrikadaň
haýsy tarapynda dursun,
ýa-da sögsün sütemkäre,
gygyryp hemmeden gaty,
hem oýnasyn rolunda pidanyň,
pida däldir eger seretseň siňe,
belki, ýaragydyr soňsuz sütemiň,
sebäp edil türme sakçysy ýaly,
ogrudyr ol, talaňçydyr içinden,
aljakdyr özüne mahsus däl ady,
ynanma kim bolsa bolsun,
ýa-da nirden gygyrsyn,
adam ogly guly bolsa şöhradyň.