Senzura
Sen öýüňe seretseň,
düzetseň iç-daşyny,
bag-bakjaňy bejerseň,
ýa seretseň üst-başyňa,
ýuwsaň kirlän eşigiňi,
arassaja bolsa ýakaň,
aýakgabyň tämizleseň,
täzeleseň egin-başyň,
eýdip-beýdip tygşytlap,
iýýän-içýän zadyňa,
hem agzyňa bek bolsaň,
ne döwletiň, ne başganyň işi bar,
emmaki öz durmuşyňy barlasaň,
ömrüň agramyny terezä salyp,
seretseň içiňe, daşyňa däl täk,
tämizlenjek bolsaň biraz,
hem çykarsaň daşarlaryk
içerdäki aladaňy, agyňy,
guwanjyň, gynanjyň ýuwup-ýylmaman,
täk özüňe degişli däl, elbetde,
hem birlerin itekleseň içine,
manysyna seretmäge ömrüniň,
geň görme top-tüpeň çekip gelseler,
döwlet ýa ýene-de bir zatlar ady,
şu ýerden başlanýar öňüni tutmak
dogup barýan ýa-da dogmakçy günüň...