Surat

Agyr ýagdaý

Birleri hakyň adyndan,
başgasy halkyň adyndan,
ýene biri aýtman-diýmän ogurlar,
belki-de aç galyp, belki-de endik,
ýa-da kesbi-käri aňyrdan gelýän,
ýöne bir aç ogurlasa
haýatdan aşan kädiňi,
ýa ýalaňaç, aýakgaby ýyrtylan
alyp gitse köne köwşüň işikden,
köýnegiňi serip soýan daşarda,
ýa pyýada alyp gaçsa tigriňi,
baglan bagyňy kesip,
gynanma gaty,
gynan hakyň adyndan,
ýa-da halkyň adyndan
doýman, dolman ogurlana,
sebäbi bu iki tiräň
agyr örän ýagdaýy,
iýmedikden ine-gana.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019