Meniň Arkadagym
Arkadagym kakam meniň,
sebäbi ol sakgally ýa satylan,
öz öýünde gülünýän
ýalan ýaşuly bolmady,
kyrk alty ýyl sapak berdi mekdepde,
KGB-den ýeňilmedi,
işini ýitirdi, emma
bolşewige garşy çykan,
gaçgak oglun oňlady.
Arkadagym kakam meniň,
‘oka’ diýdi, ‘para ber,
ýa aljak bol’ diýmedi,
görkezmedi göreldesin
ikiýüzli kommunistiň,
dilde bir zat, durmuşda
başga bolan hemişe,
’işle’ diýdi ’iliň üçin’,
guly bol diýmedi çüýşäň.
Arkadagym atam meniň,
işe gatnan kowulýança,
maşynly däl, pyýada,
sebäbi ol halallygy öwretdi,
öwretmedi satylmagy
haram pula, şöhrada.