Seniň ömrüň seniňki däl
"My life is mine." Tracee Ellis Ross
Seniň ömrüň seniňki,
ejeň, kakaň berensoň,
getirensoň jahana,
ulaldansoň adam ýaly,
egniňden basman aşak,
ynam ekip kalbyňda
adama, adalata,
a soňundan haka, alla,
sebäp adam ýok ýerinde,
ýok ýerinde adalat,
suwsuz galan balyk deý,
ýaşap bilmeýär taňry,
çekilip ölýär aňryk...
Seniň ömrüň seniňki,
hala papak, telpek geý,
hala-da geý şlýapa,
hala öýlen, öýlenme,
hala çagaň kaka diýsin,
ýa aýnap diýsin papa,
hala ös sen ýokarlaryk,
para berip ýa alyp,
hala işiňden kowul,
ýa özüň çyk islemän
balyk ýaly porsamak,
hala-da haky aýdyp,
basyl türmä, zyndana,
hala boşan, azat bol,
bolan bolup has dana,
seniň ömrüň seniňki,
seniňki ol dok günüň-de,
mätäç günüň-de nana!
Seniň ömrüň seniňki,
ýykylsaň hem dikelseň,
aýagyňa kakylyp,
palçyga batyp galsaň,
ýa çyksaň asfalt ýola,
gatnawy kesilmeýän,
owadan, ak maşynly,
hemem seniňki däl ol,
köýnegiň dek şkapda,
ýuwup goýmaga asyp,
islän wagtyň geýmäge,
çünki aljak kän basyp,
ýa-da alyp bilmese,
aslyşyp galjak gaty,
çykmansoň münen aty,
ýa-da saňa beýle bolma,
eýle bolma diýjekler kän,
ölýänçäň goýbermän ýakaň.
Seniň ömrüň seniňki, hak,
hemem seniňki däl, seretseň siňe;
bölüşerler ony ýolup, çekeläp,
sen galany bilen oňarsyň diňe.