Surat

Tobasyz

Adam ateistdi ömür boýuna,
sebäbi başlyklar hudaýsyzdy, hak
ýa-da alla galyndysy geçmişiň,
zyýanlydy ösmek üçin ýokaryk,
emma birden döwran döndi hudaýa,
ateistlik gaçdy modadan hemem
ykrar edildi taňry,
aragy, şeraby itekläp aňry,
ozaly başlyklar tanady ony,
düýnki azgyn, adamhor
bolşewigiň nökeri,
hajy boldy toba etmän...
Hudaýsyzdy adam ömür boýuna,
indi alla ynanýar,
uýýar oňa ýüreginden, ynansaň,
ýöne ozal diňe halky aldardy,
indi haky aldamaga synanýar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019