Surat

Iň uly baýlyk

Iň uly baýlygy - wagty
ogurlyga berdi olar,
kiçi baýlyklara gyzyp,
başga many görmän ilki,
ýa-da görjek bolman asla,
a soňundan galan bölegin ömrüň
eçildiler ýalana,
ýapmak üçin ogurlygy, talaňy,
dillerinde alla, hudaý, halallyk,
hemem kanun ýagşy-ýaman,
çykarylýan mejlisinde ýalanyň,
galmak üçin kagyzda,
iş ýüzüne geçmejek hiç,
geçirilmejek, belki,
bolsa başlary aman...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019