Suw başynda
Aýdan sözüňe pyglyň bolmasyn ýalan, köňlüm. Magtymguly
Suw başynda dileg etdik ýene-de,
gowulygy, elbetde.
Saglygy dileg etdik.
Dileg etdik uzak ömri.
Dileg etdik bagty, dogry,
at-abraý, halallygy,
dürslügi owal-ahyr,
agyr, emma dogry ýoly,
hem menzile ýetmegi,
görmelini görmegi,
hem geçmegi synagdan,
ejizlemän, aglaman,
käte bolsa-da ýaman;
suw başynda dileg etdik ýene-de,
başymyzy dik tutup,
ýürekdäki dilde bolup hemişe,
ýaşamagy bigüman!