Surat

Eziziň öýünde ýazylan goşgy

Why fit in when you were born to stand out? Dr. Seuss

Ýykyp bolar Pyragynyň heýkelin,
biziň gözümizden giren,
hem oturan ýüregmizde,
dikip bolar başgasyny,
selleli hem holpuk donly, çäkmenli,
belki-de has belent ýerde,
has daşynda şäheriň,
ýöne gözümizden girmejek asla,
hemem ony kalbymyzdan çykarmak,
ýa aýyrmak dulumyzdan, diwardan
başartmaz hiç diktatora dirikäk,
ýykyp bolar Pyragynyň heýkelin,
emma aýryp bolmaz ýürekden entäk.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024