Surat

Bize garaşan iň ahyrky samuraý

Nursoltan Hojamyrat gyzynyň ruhuna

9-njy oktýabr, Aşgabatdan habar ýetdi,
Baýramgülüň telefony ses etdi.
Ýer sermetdi bary-ýogy iki söz:
"Mert bol jigim, ejeň gitdi!.."

Ilki meniň ejem, Gypjakda biten,
Köpetdagyň Gülälegi gidipdi,
soň Han aga, Baýramgülüň kakasy,
soňra meniň kakam, Bäşim mugallym,
kyrk alty ýyl sapak beren mekdepde,
sagbolsuny - kgb-niň şarpygy,
wah, näme bolmady, nämeler bolmaz,
çäç ornuny eýelände harpygy...

Diýdiler: "Gygyrsaň eşider belki,
uklan ýaly bolup ýatyr,
telefony gulagyna tutaly".
Baýramgül bagyrdy: "Yrza bol, eje!
Yrza bol, eje!
Yrza bol, eje!"
Soň aglady: "Wah, barjakdym, görjekdim,
ýene-de bir, doýma barmy ejeden..."
Buýsanyp bilersiň, bilersiň gülüp,
bizi daşlap geçirmedik köçeden!

Mylly agaň agtygydy,
ýeke gyzy kakasynyň,
uruşdan öň ýogalan,
a ejesi giden äre,
agtyk gördi, çowluk gördi,
kemi ýok,
hemem bize garaşan
iň ahyrky samuraýdy,
’geler gyzym, giýewim,
agtyklarym bigünä,
toý tutarys Aşgabatda ullakan,
hudaý bardyr’ diýýärdi,
ynanýardy ýeňjegine haýyryň,
alla nirde, hudaý nirde, bilemok,
bizi soňky samuraýdan aýyryp...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024