"Ýaşuly" sözi
Biz oglankak gowy sözdi "ýaşuly",
"aga" bilen, elbetde.
Sylaglydy ak sakgally gojalar,
perişde dek görülýärdi ejeler
ak sepende saçyna,
ak gyňaçly, ak guş ýaly owadan,
toýuň, ýasyň bezegidi gartaşan,
köpi geçip, azy galan adamlar,
biz oglankak gowy sözdi "ýaşuly",
ganym urşuň şarpygyny dadanlar...
A soň gördük ýolda ala taýakly,
düzgün bozsun, bozmasyn,
adam talan boldy birden "ýaşuly".
Soň "ýaşuly" boldy öňýeten başlyk,
uly-kiçi parhy ýok,
eli egri boldugyça boldy onuň "ýaşy uly",
eger garşy çyksaň çala, seni urjak daşy uly!
"Ýalaňajy ursaň - diýlen, - possunlylar gorkar gaty",
durmuş diýlen oýunjak däl, eşek edýär käte aty.
Biri diýdi: "Iller aglak bolanda,
doňuzlar däl, depä çykar ýaşulular maslahaty!"
Biz oglankak gowy sözdi "ýaşuly",
indi biri adyň bilmän, ak ýürekden diýse-de,
ýa-da "aga" goşsa adyň yzyna,
sögülen dek duýýarsyň, ogry başlyk bolmasaň.
Ýöne nätjek, ýaşuly-da, aga-da bolmaly bolýar,
kyrkdan geçmän ölmeseň.