Surat

Erkek gylygy

Bu owaldan erkegiň
edehedi, gylygy:
söweşde bolar erkek,
söweşde galar erkek,
söweşde öler erkek,
öýüne gaçyp ölmez,
aýalyna bukulmaz,
bukulmaz çagasyna,
bukulmaz agasyna,
dik durjak bolar diri,
ölmänkä öli bolmaz,
sowulmaz ol özünden,
urýanyň goly bolmaz,
dili bolmaz ýalanyň,
guly bolmaz talaňyň,
kerpiç bolmaz meýletin,
ýa suwagy haýatynyň
gurulýan uly türmäň,
betbagtlygna milletiň.

Bu owaldan erkegiň
edehedi, gylygy:
iki gün eden-etdi,
azgyn ýaşamak üçin,
ezmek üçin ejizi,
gezmek üçin gandalsyz,
gandallmaz beýnisin,
haýasyny, ynsabyn,
bolmaz adam meýletin
arlyk ýuwulýan sabyn.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019