Surat

Ol

Ol özüniň kimdigini her hepde
aýdyp durýar ýaltanman.
Görkezýär ol agramyny, akylyn,
akyl-huşuň kem bolsa,
artyk bolsa, ýeňlesligin görkezýär,
ýa görkezýär ýeten ýerin,
ýatan ýerin yza gaýdyp,
armasy ýok eger-eger,
hiç ýadanok diýip, aýdyp.

Ol özüniň kim däldigin her hepde
aýdyp durýar ýaltanman,
ýatdan çykarmaga goýmaýar asla,
ýa aýtdyrýar birlerine,
hak-heşdegin ýetirip,
ol özüniň nämedgin görkezýär,
görmän gaçsaň, ýat ilde hem ýat dilde
tw bilen dökýär öýňe getirip...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024