Surat

Diňlemezlik derdi

"Ol ýigitler adam dilli haýwandyr, Söz aňmasa, hem ygrary bolmasa." Magtymguly

Diňlemegi öwretmeli adama,
belki, çagalykdan, bäbekliginden,
ýa-da heniz ýatgysynda enäniň,
soň giç bolýar, gürlemegi öwrenip,
ses gataltmaň gujagyna dolansoň,
ýa-da diliň eýgiligin görmegi
endik edinensoň adam çagasy,
diňlemege peslik diýip düşünýär,
hemem düşünmeýär aýdylan zada,
sebäbi diňleýär ýarym,
ýa ýarymçyk, jogap bermäge diňe,
gaýtargy bermäge ýa sanaşmaga
taýýarlaýar adam özün,
başarmasa diňlemegi,
düşünmegi gepe-söze,
hem bilmeýän zadyn bilenden bolýar,
düşünenden bolýar dünýä has gowy,
meger, şondan adamlaryň arasy,
dost ýa dogan, ýa är-aýal,
has açylýar ýylba-ýyldan,
diňlemegi öwretmeli adama,
alyp galyp galmagaldan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024