Boý söwdasy
Ýamandan boýuňy satyn almaly,
pulsuz bolsaň, karza girip,
borja batyp ullakan,
satyn alyp gutarmaly kelläňi,
saklajak bolsaň egniňde,
gözleriňi satyn almaly hökman,
görjek bolsaň ýagtylygy,
öz gözüňem bolsa, bermezler pulsuz,
ýagtylygy satyn almaly soňra,
satyn almaly güneşi,
açyk howasy bilen,
berilýän ýa gelýän zat ýok
hakyň dogasy bilen.
Çünki ýaman güýçli,
kgb-si bar,
türmä basyp, aç hem suwsuz öldürýär,
çekinmeseň, çekilmeseň,
diňe seniň gara başyň iýmeýär,
çagalarňa gözün dikýär,
agalarňa gözün dikýär,
gözün dikýär inilerňe,
ýok oň aýap goýjagy,
a çekliseň, iliňi
depeleýär boýdan-başa,
hem asyrlyk salýar aşak...
Ýamandan boýuňy satyn almaly,
pulsuz bolsaň karza girip,
borja batyp ullakan,
çünki ýaman güýçli bolýar hemişe,
belki, ýamanlygy şundadyr, zalym
kgb-si bolýar onuň,
polisiýasy bolýar ýene,
ondan bärde ýa aňyrda
ýene-de kän zatlary bar,
atlary bar münse, gelse,
gamçysy bar, dürresi bar,
sürýär milletiň üstünden,
çaga-çuga, aýal-ebtat,
ýa-da garry-gurty diýmän,
ýamandan boýuňy satyn almaly,
ýat diýse ýatmaly sowuk betonda,
25 ýyl doýa iýmän...
Ýamandan boýuňy satyn almaly,
diýmeli däl oňa depme milleti,
öz milletiň ahyryn!
Eger diýseň, goldamagyň deregne,
başgalar däl, öz milletiň,
ýamanlyk aýdylan ýaly,
gülen bolar seniň ýürek sözüňe,
ýa-da eşitmedik bolar,
sebäbi il aglak bolsa,
ýamanyň elinde galar.
Ýamandan boýuňy satyn almaly,
adam ahyr şuňa dolanýar, gelýär,
hemem meger şunda ölmänkä ölýär.