Surat

Adam bilen

Adam bilen her wezipä ýetişsin,
ýa otursyn her kürsüde gaýşaryp,
satyn alnan haýsy pula,
ýa ýaragy bolsun güýçli,
nökerleri san-sajaksyz,
ýa baý bolsun çenden-çakdan,
ýa-da dili, din-imany bap-başga,
tapawudy bolmaz eger
hudaýlygy bolsa jinnek,
hem isleseň, zerur bolsa,
düşünişse, aňlaşsa bor,
ýa bolmanda gürleşip,
synanyşyp bilersiň,
synanyşyp galarsyň,
kaýyl bolup minnete,
el bermäge millete,
emma adam özüň ýaly,
ýat illerde bolsun bosgun,
ýa-da asgyn, parh etmez,
hudaý diýsin iki sözüň birinde,
ýa ateist, dili bal,
hem jan bilen tutsun adyň,
öz diliňde hem şiwäňde gürlesin,
hudaýlygy bolmasa hiç,
ýarym gram, bir gram,
her näçe bagyrsyn hakykat diýip,
ýa aglasyn adalatyň agysyn,
näçe döksün gözünden ýaş,
gus-gurudyr ýüregi,
münmäkäň bökersiň gaýgyndan onuň,
döwen ýaly süýr-depäňde küregi...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024