Biz bir alla ýalbarmaly
"Bendäňi bendäňe mätäç eýleme!" Magtymguly
Magtymgulam ýalbarypdyr hudaýa,
bolmajak zatlary sorap,
hatda sorap ýagyş-ýagmyr,
netijesin görýäris,
biteni ýok henize çen,
gurap ýatyr türkmen düzi,
besdir, biz bir ýalbarmaly,
şükür edeli diňe,
aň beripdir ýaradan,
üşük beripdir hudaý,
el beripdir el ýerinde,
uzatmaga, tutmaga,
hemem aýak beripdir,
öz ýoluňa gitmäge...
"Walla, neden baýa berýär ýaradan,
baý baýa berýärkä diňe,
ýa-da garyp garypka has?" -
diýip soramak sadalyk,
ýa-da bolýar samsyklyk,
baý baýlygyn hudaýdan ýa alladan
almaýar ýalbaryp, aglap,
urup alýar özi ýaly,
ýa pesiräk adamy,
talap alýar adamzat,
aldap alýar adamzat,
siňe seretseň aňsat,
ýa-da aýdyň barysy,
işläp, döküp maňlaý derin
baý ýa-da beg bolýanlar az,
emmaki eziji bolan,
sütemkär bolan utýar,
ýa utulýar, bilmedim,
ýöne ömrüň manysy
mal-dünýe ýa pul bolsa,
alla diýen ýüreginden utulýar,
biz bir ýalbarmaly haka pul diýip,
sebäp ony hakdan aýrylan alýar.