Surat

Iň ýamany

Sylamasaň özüňi sen,
sylamarsyň özgäni-de,
öwren özüň sylamagy,
syla eneň-ataňy,
doganlaryň, bar bolsalar,
gol berseler ýykylaňda,
syla sapak berenleri
mekdepde ýa iş ýeriňde,
öwredeni ýagşy, ýaman,
goňşularyň, il-günüň,
toýa-ýasa ýaraşan,
syla garyp adamlary,
saýlaman ýüwrük, çaman,
ýöne ozaly, öňürti
öwrenmäni syla, adam,
görmäni syla öňüňi,
saýgarmany syla ýoluň
ýagşysyn hem ýamanyn,
ýa ýamanlyk nirden gelýär?
Adam dogulýar, ýaşaýar,
iň ýamany, armanlysy -
öwrenmäni bilmän ölýär.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019