Gowy hemişe gowy däl

Türkmen türkmenden soraýar:
"Gowumy?"
"Gowy" diýýär beýlekisi.
"Siz nähili?" diýýär soňra.
Ilki soran jogap berýär:
"Erbet däl."
Emma mydam "gowy" gowy bolmaýar,
a "erbet däl" örän erbet kämahal.
Ýöne türkmen sýüde siňe seretse,
gan görjegin bilýär hemem
görmejek bolýar ony,
ýatlamajak bolýar ýa-da,
şonuň üçin türkmen bolsaň,
boýun bol-da şu kada,
kän gözlejek bolma many,
ýa-da çynyň bilen çyny,
diýip nesihat edýär,
myhman bolsaň ýalan ada,
sebäbi onda bal tutan
unudýar dini, imany...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024