Mantyk diýme türkmene

Türkmen otyr köçede,
saç-çakgaly syrylan,
egin-başy arassa,
emmaki samyrdaýar:
"Mantyk diýme türkmene,
manty diý diňe,
dograma diý, işlekli diý, palaw diý,
ulag diý owadan, gymmat,
jaý diý ilden üýtgeşik,
içi-daşy görkana,
ýalpyldysy göz gapýan,
pikir etme türkmen diýseň türkana,
keçe telpek hemem iti
kowup ýerinde ýatýan,
öňki türkmen däl indi ol,
eýe boldy ýurda ýene,
hemem atyna mündi ol,
ors gidensoň yzyna,
mantyk diýme türkmene sen,
tä çökýänçä dyzyna,
atasyny tanamaz ol,
atdan agýança ýene,
manty diý ýa börek diý sen,
dograma ýa işlekli diý,
ýa-da her gün palaw iýsin,
mantyk diýme türkmene..."

Türkmen otyr köçede,
saç-çakgaly syrylan,
egin-başy arassa,
emmaki samyrdaýar,
diňleseň basýar gussa.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019