Alla-hudaý ertekisi

Olar bilýär alla-hudaý,
ýa-da Isa ertekisi
garyplar üçin diňe,
tagty asmandan uçan
Suleýman ýa beýlekiler,
jennet, dowzah, ýene näme,
baýlar üçin bir köpük,
ýa-da gülmeli gülki,
şondan olar oýnaýarlar arkaýyn
adam ykbaly bilen,
ýykylýan ýurtlar bilen,
dul hatynlar, ýetim çagalar bilen,
emma olar bilmeýärler bir zady,
alla-hudaý ertekisi,
Isa hemem beýlekiler,
Dawut ýa-da Süleýman,
ýa aýdaly Ybraýym,
bolupdyr ýa bolmandyr,
umyt berýär agyr günde,
hem geçirýär syratdan,
gyldan inçe, gylyçdan
ýiti belki kämahal;
olar bilýär köp zady
talamaly bolanda,
aldamaly bolanda,
öldürmeli bolanda,
emma bilmeýärler asla
nädip aman galmaly,
öz gezegiň gelende?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019