Surat

Özüne ýanmaýan üçin

Başyňy dik tut, başyňy,
ýaşyr, gizle gözýaşyňy,
il üçin aglaýan bolsaň,
pul üçin däl, elbetde,
oýun oýnamasaň, dogry,
sahnada ýa durmuşda,
şöhrat üçin aglamasaň,
eneň üçin aglasaň,
ataň üçin aglasaň,
uýalar üçin ejiz,
iniler üçin kiçi,
durup bilmedik yzyňda,
ýurduň üçin aglasaň,
halkyň üçin aglasaň,
tozdurylan, talanan,
başyňy dik tut, başyňy,
ýaşyr, gizle gözýaşyňy,
begenmesin duşmanyň,
heşelle kakmasyn bahyl,
iri bolan bolup ownuk,
başyňy dik tut, başyňy,
ýaşyr, gizle gözýaşyňy,
iň gowusy aglama,
özüne ýanmaýan üçin
jigeriňi daglama!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024