Olar bilýär
Olar bilýär ogurlamak erbet zat,
başga birniň mal-emlägin,
hem wagtyny, iň gymmat zat,
öz ömrüňi, has erbedi,
bilýär olar ýalançylyk erbet zat,
erbet ýalan sözlemek,
inkär etmek hakykaty,
öldürmek ýa türmä basmak adamy,
ýapmak üçin ýalany,
zorlamak aýal, erkegi,
çagalary gorkuzmak,
tans etdirmek öňüňde,
baş egdirmek uly, kiçi,
gara günden gorkana,
kaýyl etmek özüňe,
gara güýje, töhmete,
ýa daýanyp açlyga
(elinden gelýär döwletiň!),
olar bilýär, bilinýänin bilýärler,
haram iýmek erbet zat,
emmaki başgaça iýmäni bilmän,
ýa kyn görüp öwrenmäni,
haýranlar galmaly daşdan seretseň,
üýşüp ýalan sözleýärler,
çyn ýaly, ýylgyrman, gülmän...