Esasy mesele
Mesele adamyň azlygynda däl,
hiç däl onuň köplüginde,
ýoklugynda, meger, käte,
otuz ýyllap, ýüz ýyllap,
adam adam bolan bolup,
doglup aglap adam ýaly,
ýörjen-ýörjen bolup soňra,
ösüp, ulalyp, okap,
başa telpek, papak geýip,
hondanbärsi bolýan bol bolar mydam,
mesele adamyň barlygynda däl,
azlygynda däl,
ýoklugynda kämahal,
köp bolup adam.