Surat

Adamyň özi saýlaýar

Ýaşamagy, ölmegi ýa
adamyň özi saýlaýar,
çagalykdan saýlanyp,
akyl ýetirip dünýä,
adamlara töwerekde;
özi saýlaýar adamyň
söýmegi ýa ýigrenmegi,
haýyr işi, şer işi hem
nämede boljagyn ökde:
- ýatmakdamy, garaşmakda,
göreşmekde maksady,
ýa-da birne pitçiň atyp,
dogan, dosty, kesekini
geçen ýerne satmakda,
ýa-da syrty kül üstünde,
a göwni asmanda, gökde,
adamyň özi saýlaýar!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019