Özi özün depýäne
Özi öz ýüzüne depýäne gaty,
ädikli aýagy bilen,
özi öz başyndan gurum guýýana,
bedreläp ýa susaklap,
ýa düşünmän, ýa oýnadyp birlerne,
ýa hak diýip tenteklige,
nadanlyga uýýana,
ne aýagyň galdyr, ne-de eliňi,
nede-de diliň gymyldat,
otur diňe seret-de,
alla, hudaý ýa-da taňry
eden bolsa garaşyk,
günüň geçýän bolsa içde ýa daşda,
ýüregiňi ýandyrma hiç,
ýa sözüňi zaýalama,
eger-eger aşak düşme,
öz ýüzüne depýäniň
özüne, ädigne deňiç.