Surat

Tana diýýän ýaly alla

Tana diýýän ýaly iliňi alla,
ýurtdan ýurda zyňdy meni,
duşurdy hiç duşmajagma ýurdumda,
görkezdi hiç göremejegim ahalda,
ýa-da görüp, bilip, bilmän geçjegim
okeandan aňyrlarda tanatdy,
emma tanaýanym, bilýänim ozal,
bilýän ýaly, getirmedi golaýma,
hatda ýat ilde-de bolsa
barmajagma ölse, galsa;
tana diýýän ýaly adamy alla,
dertden derde zyňdy meni,
tanadym, gördüm, dogrusy,
hemem bilýän bilmejegim ýüz ýyllap,
ýurdumda oturan bolsam,
armanym ýok ölsem, solsam,
indi näme plany bar, bilemok,
emmä käte gahar edip:
"alla, saňa ynanamok,
sebäp sende logika ýok,
türkmen ýaly gül milleti,
bilmen, neden äsgereňok"
diýip gaty gygyrýan,
jogap berýär gülüp taňry:
"Özüm şoňa alyp barýan!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024