Kiçi ogrynyň güzaby
Uly ogry, türme-toply, nökerli,
ogurlyga itekleýär, gideňok,
edeňok diýenin öljegem bolsaň,
näkes diýip aýdyp bilýäň näkese,
adam käte aman galýar ölmese...
Emma bu hemişe bolmaýar ýa-da
agyr düşýär ýaşyň gitdikçe aňryk.
Şol ullakan ogryň kiçi şägirdi,
ogurlanyn aldyran ýa taladan,
gaçyp atýar ýanyňa,
ýüzüne gelip bileňok,
gorkudan däl, edepden,
emma ol bilmeýär muny,
düşünmeýär näme sen,
ýa-da kimdiň has ozal,
ýa nämüçin ýazýaň gazal,
goşgujygyň näme diýýär,
daş ol senden aýyň günden,
ýeriň gökden daş bolşy deý,
bir zat diýseň - artykmaç,
a diýmeseň dyzmaçlaryň
biri gitse, biri gelýär,
adam käte diri galýar
uly ogra garşy çykyp,
soň kiçisin görüp ölýär...