Surat

Hantama adam

Ak sakgally adam,
agzy dogaly,
bäş wagtyny sypdyrmaýan, belki-de,
başynda telpegi, egninde dony,
çagyrýarlar, ýygnaklara gatnaýar,
el çarpmaly ýerde el çarpýar turup,
nobat ýetse, diýýär näme diýmeli,
ýa aýtmaly diýseler,
bilýär diýmesiz sözi,
agzamasyz temalary, sebäbi
dilin saklap bileýäni
gara sanawa salyp,
çagyrmazlar ýygnaga,
garap sakgalda aga.

Dogry, öýe barsa, şol öňki ýagdaý,
gün-güzeran agyr, ýeňlemeýär hiç,
ogly-gyzy, gelinleri, giýewsi
zeýrenýär: "Nämüçin bu beýle boldy?
Ugran ugruň ýapyk, para bermeli,
durmuş, döwran ogry-jümrä öwrüldi..."

"Meň üçin, meň ýaly bimessep gojaň,
sakgalyny ýola düşän,
känligi üçin" diýip,
aýdyp bilmeýär,
hem ertesi ýene ýygnaga barýar,
"hantamalyk gursun" diýip,
ýüzi gülýär, emma içi gülmeýär.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024