Hassalyk
Olar bir-birini çukura itýär.
Okap ýeten derejesi milletiň,
ösüp gelen ýeri, meger,
garaşsyz hem azat bolup,
eline diplom alyp,
wezipeli jogapkär,
olar bir-biregi çukura ýykýar,
çykjak bolsa, aýagasta daş alyp,
hem aýagna, hem başyna,
çem gelen ýerine kakýar,
agyrdanna begenýär,
hem özün saýýar akylly,
näçe adam ýykyp bilse,
ýa aç goýsa näçe çaga,
näçe naçar aglatsa,
olar bir-birini çukura itýär,
hem sag saýýar özüni,
hakykatda agyr hassa...