Surat

Tutulmadyk ogry

The art of knowing is knowing what to ignore. Rumi

Meger, şuny bilmän
ýa-da başarman,
57 ýaşadym.
Nadana gahar etdim,
öz aýagna palta salýan,
gahar etdim ejize,
egsige gahar etdim,
ädimini ýalňyş basan don geýmän,
betbagtlyga gynandym,
birine däl, on adama,
ýüz adama ýeterlik,
zaýaladym altyn sözüm,
ýele berdim gül ömrümi,
hem agladym bir damja
gözýaşyma degmejege,
indi gülen bolýan ýalandan, dogry,
emma özüm özüm üçin,
gözel ömrüm üçin, belki,
boldum tutulmadyk ogry...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024