Adam we kemçilik
Adam kemçiliksiz bolup bilmeýär,
kim bolsa bolsun,
ýa nirede, haýsy jaýda otursyn,
kim bolsun goňşusy, golamy, ili,
ýa-da ýurdy, ösen ýa-da ösmedik,
adam kemçiliksiz galyp bilmeýär,
göterilip göge bilmeýär uçup,
uçan ýaly uçarda,
süýreniji ýaly süýrenýär ýerde,
şu onuň derdi,
hem ölýänçä, goý, her näçe öwrensin,
kemçiligin alyp gidýär egnine,
azaltsa-da, walla, gutaryp bilmän,
täzesin goýberýär könelse öňki,
çünki içde otyr seňki däl, meňki,
men esasy, men owadan, akylly,
hemem, belki, men bolmaly iň pully!
Adam kemçiliksiz ölüp bilmeýär,
goý, kim bolsa bolsun ata-babasy,
ýa tiresi, tiredeşi, milleti,
emma oňa däl zadyny diýmäliň,
aýdaly, Aý bolmasa,
Aý diýmäliň adama,
gara gije nur saçýan,
Gün bolmasa, güneş diýip öwmäliň,
ýa ogry diýmäliň ogry bolmasa,
ýa-de ýedi arkasynda
türmä düşen biri bolsa,
hatda özi basylsa,
sürgün bolsa, galsa, gelse Sibirden
däl zadyny diýmäliň biz adama,
sebäbi bilýäris hiç bir prokuror,
hiç bir sudýa kemçiliksiz bolmaýar,
ýok beýle zat aslynda,
garalaýan ak bolup,
ýa aklaýan gara bolup durşuna
galyp bilmeýär munda,
oturt nirde, haýsy merdiň ornunda,
adam bolsa, kemçiligi ýeterlik,
hem bar onuň artyk ýeri, är ýeri,
esasy zat - däl zadyny diýmäliň,
sebäp şunda, meger, bu dünýäň şeri.