Tutulmadyk ogry däl
Tutulmadyk ogry däl,
takal okaýan, belki,
dogry-dürslük hakynda,
akyl berýän, ündeýän
halallygy, päkligi,
bolsa bolsun on aty,
ýa ýüz aty ogurlyk,
işiginde kişňeýän,
ýüz maşyny, dikuçary, ýahtasy,
ýa-da köşki-eýwanlary,
ogurlanan milletden,
milýardlary bolsun onuň
çykarylan daşarlaryk,
gör, kime ýal boljak ertir,
tutulmadyk ogry däl,
sebäp ony tutmakdan
ýüz öwürýär milleti,
has anygy gözüne
göni garap bilmeýär,
dyza çökýär öňünde,
tutulmadyk ogry däl,
bir ölmegi başarman,
saýlap alsa milleti
ýüz ölmegi her günde.