Surat

Bilmedik bolmak oýny

Bilmedik bolmaly oýny,
görmedik bolmaly oýny,
aňmadyk bolmaly oýny,
muny kimler oýnamýar,
haýsy ýurtda ýa döwletde
çeke durmaýar adam
bilenini bilmekden,
bildirmekden has dogrusy,
çünki bilim hatarly,
bilýän hatarly bolýar
hapa işi edýäne...
Bilmedik bolmaly oýny,
görmedik bolmaly oýny,
düşünmedik bolmak ýa,
meger, miras her gelene,
hemem ahmyr gidýäne.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019