Atly oýun
Ol ozal atly oýnuň,
şanly-şöhratly oýnuň
bölegidi aýrylmaz,
belki, biri sütünlerniň,
öz ýanyndan, elbetde,
ýa-da ýumuş oglany,
nurbatlaryň biri diňe,
ýaglanan hem ýalpyldaýan,
il üstünden maşyn bolup,
ýol salanda köşki-eýwan.
Ol ozal atly oýny,
şanly-şöhratly oýny
ile beren ulukjyn,
jandan-dilden söýerdi,
sebäbi aňlamazdy
oýunmy ýa gara çyn,
ýa aňmadyk bolardy,
görmezdi kim ýykylýar
eşeginden ýa atdan,
nätjek, şeýle bolýar adam,
men galaryn diýip mydam,
bilmeýär ol aç oturan öýleri,
nähak türmä basylany,
asylany nähak dardan,
habary bolmaýar onuň,
üstesine işi kän,
atlary bar, atýatagy ulalýar,
emma kime wepa berdi bu dünýä,
ol ozal söýen oýnun
indi örän ýigrenýä...