Surat

Ýönekeý hakykat

Problema çözer ýaly
döwlet gerek millete,
hökümet gerek ile,
akylly-başly başy,
agzalary has akylly,
öz işini bilýän gowy,
hem öz sözün aýdyp bilýän,
dili gysga däl asla,
bolmansoň nebsiniň guly,
emmaki döwletiň özi,
ýa hökümet diýilýän,
hökümetbaşy bilen,
agzalary kiçi, uly,
problema bolsa uly,
problema bolar uly
tutuş millet öz-özüne,
sebäbi hem iň ýokarkyň,
hem aşakda uly-kiçiň
hemişe az bolar puly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024