Surat

Oglanlyk

Eje jan, bagyşla, ile
delalatym ýetmedi?!
Oglan ekenim ozal,
indi biraz ulaldym,
ak girdi, aň girmese-de,
şaty gören başyma,
ozal ýa bilmändirin,
ýa bilsem-de boýun alyp,
başarmandyryn göni
seretmegi hakykatyň gözüne,
alymlary, walla, 90 göterim
ylyma garşy bolsa,
mugallymy bolsa bilime garşy,
lukmany, wraçy, şepagat uýa
saglyga garşy bolsa,
mollalary garşy bolsa imana,
pula çokunsa diňe,
okuwçysy 88 göterim,
eger-eger ele kitap almasa,
ýigrimi ýyl paralasaň bagryňy,
keseki däl, doganyňam gelmese,
demokrat diýýän özüne nirde
ýüzüňkessir, ýeňsäňkessir,
eli ýetse - ýelmese,
sudýasy, kazysy parahor bolsa,
aklawçysy beren aklygyň alyp,
gaçsa yzyn garaman,
adalatyň obasyndan owarra,
kyn boljak eken gaty,
hemem agyr düşýar biraz,
başga mal tapmadyk ýaly
eşege berseler aty...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024