Surat

Özüňe ger edeniň

"Beýnidäki diwar" depderinden

Seniň o taýda biriniň,
bu ýurtda ýa o ýurtda,
ygtyýaryň ýok eline,
tutjagyny tutar ol,
ýa duşagyň ýok aýagna,
gitjegine gider ol,
ýa ýygmarsyň dilini,
diýer ol diýjegini,
ýöne birden diktator,
ýa-da mafia bolsaň,
käbirlerniň elin tutsaň,
aýagyndan alsaň başgaň,
ýa geplemez ýaly etseň,
ýa diýdirseň özüňe
beýik, beýleki üç gün,
eselme adam,
akmak bolmasaň eger,
ýa-da akmak bolmasa
garşyňdaky garşydaş,
ýa beýnisiz bolmasa,
erkiň ýetmez bäri-bärde
adam aňyna seniň,
özüňe ger edeniň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019