Surat

Dag, bag we taňrydan towakga

"Beýnidäki diwar" depderinden

Bu bir nakyl: dagdan gelen
bagdakyny kowar daşlap,
hem it salyp yzyna,
gaçar eli gabarçakly,
ýa baş egip saklanjak bor,
çöküp her gün dyzyna.

Ýöne bu-da barysy däl,
beteri bar yzynda:
Eýe-habar, işlik, sypat,
sözlem näme bilmeýän
akyl satar ýazmakdan,
eý, alla, bar bolsaň eger,
galan bolsaň gaçyp-tezip,
başyň galdyr bir pursat,
hem ýetişip goraş maňa
gözel ilim tozmakdan?!.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019