Surat

Ejizlik

"Beýnidäki diwar" depderinden

Walla, azda-kände sylasa özün,
ýazylgydyr döwletiň
iň esasy kanunynda,
adam ýa-da adamlaryň topary,
birleşip ýa birleşmän,
öz pikirin başgaça,
hökümetden tapawutly,
aýdyp biler parahat,
diýip biler asuda,
eline daş-kesek alman,
aýna döwmän hiç hili,
ýa-da köçe hereketin baglaman,
sebäp öňden gelýän zat,
çaga emmez aglaman
enesiniň ak göwsün,
emma döwlet sylamasa kanunyn,
ejiz bolsa, pes bolsa ýa,
parahady, asudany depelär,
diýer hemme meni öwsün...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024