Surat

Durmuş seniň ejeň däl

Aeroportda arzan çörekden ýüklenen ýolagçynyň 'beren' goşgusy

Durmuş seniň ejeň däl,
ajygaňda emdirýän,
argylaýan aşagyň,
kakaň däl ol özi geýmän geýdirýän,
agalar däl, däl daýylar, daýzalar,
"jansyz" tutmaýan adyň,
dostlaryň däl, goltugyňdan göterýän,
ýa aýalyň däl durmuş, heleýlände döwletler,
erkek dyrýan, är bolýan,
ýa duşmanyň däl durmuş,
ýalňyşsaň - ýüzüňe öwýän,
ýalňyşmasaň ýazgarýan;
soň düşünýäň oňa neden
aglap gelýär adam ogly,
soň öwrenýär gülmäni,
hem özün, hem ýakynlaryn
gülen bolup aldamany,
emma bilýär durmuş asla
oýun etmez, geçirmez,
bagyşlamaz hiç kimi,
dermanyň däl ol, meger,
derdiň, tapylmaz emi!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024