Adam ejizlände
Adam ejizlände ýokaryk çykyp,
ähli çöpden ýapyşar...
“Gaýgysyz Atabaý türkmen däl” diýer,
ýa pyşyrdar: “oň ejesi owganly”,
biri teke, biri ýomut, emma “gany bulaşan,
ejesi ermeni, eýranly ýa-da
rus, nemes gatyşykly..."
Adam ejizlände ýokaryk çykyp,
iň esasy ogurlygyn agzama,
ýatlatma hiç pesligini,
adyn tutma ýurt guranyň baş goýup,
öňküleriň gowy ýerin magtama,
kemçiligi başga gürrüň,
gözüne seretseň, kril hatynda
ýazylgydyr ak-gara:
“Öwüň meni durman ýüzüme her gün,
ýatyp bilemok ýogsa?!”
Gark bolany halas etmek gowy zat,
gowy zat iliňe eliň uzatmak,
ýöne bil hem taýynlykly bol hergiz,
aman galar ýaly gujaklap bogsa.