Surat

Sorasyň gelýär

Edil haýran diýmäýin,
emma biraz geň galýarsyň,
üşerýärsiň adalat,
adyllyk sözlerin eşdip,
garaşmadyk mähelläňden hiç haçan,
nirelerde güllän bu güne çenli,
belki-de biznesi, işi oňuna,
emma indi gysylanu-basylan,
depelenen ilýär gözüne birden,
diýýär seljereliň haky, nähagy,
adalat nutugyn sözleýär uzyn,
jany-da bar diýýäniniň,
aýyp bölmek mamlaň sözün,
alajyň ýok, oturýarsyň sedasyz,
hemem diňleýärsiň, walla,
emmaki sorasyň gelýär:
- Ýigrimi ýyl bäri nirdediň, bende,
ýüregiňde bolsa alla?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024