Surat

Aldamaga oglan ýagşy

"Aldamaga oglan ýagşy, hudaý ursun garryny." Türkmen nakyly

Aldamaga oglan ýagşy,
ýa-da oglan bolan bolýan,
ak girse-de, aň girmedik,
ak sakgally ýaşulular,
ak gyňaçly eneler ýa,
bir iýerne, bir doýarna
satylýanlar gep-gürrüňsiz,
ýa diplomly, ýa-da aljak
tans edip bar diplomlary,
okana ýetirmän, bermän;
aldamaga akmak ýagşy,
hem akylly, pursatparaz,
hudaý ursun aňly seni,
satyp bilmeýän özüni,
ýa gidýän ötük ahyrna,
ölýänçä ýagtylyk görmän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024